Berdimuhamedow türkmen matalaryny wagyz etmek üçin mahabat serişdeleriniň öňdebaryjy gurallaryny ulanmagy buýurdy (wideo)

Ministrler kabinetiniň 16-njy noýabrdaky mejlisinde dokma pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak meselesine garaldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, “prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagta süýümini ýerli kärhanalarda doly gaýtadan işlemäge geçmegiň, täze senagat tehnologiýalarynyň hem-de häzirki zaman moda meýilleriniň esasynda dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply taýýar önümleri çykarmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi”.

Döwlet baştutanyna dokma senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, ýurduň önüm öndürijileriniň halkara mahabat-sergilerini geçirmek hakynda hasabat berildi. Prezident bu ulgamda döwrebap mahabat serişdeleriniň öňdebaryjy gurallaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny , onuň ýokary bäsdeşlik şertlerinde islegleriň ýokarlanmagynyň netijeli guralyna öwrülýändigini nygtady diýip, neşir ýazýar.

Ýatladýarys, 12-nji oktýabrda prezident pagtany daşary ýurtlara satmagy bes etmegi buýurdy.

Senegat boýunça premýer-ministr Kerim Durdymyradow 26-njy oktýabrda Berdimuhamedowa dokma pudagynyň döwrebaplaşdyrylyşyy we dokma önümleriniň innowasiýa esasynda öndürilen täze görnşleri hakynda hasabat berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, pagta ýygymy mahalynda çagalaryň we mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglylykda, dünýä belli brendleriň ençemesi Türkmenistandan bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürdi.

Olaryň arasynda IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara we başgala bar.

Adidas, Columbia Sportswear, Designworks, Gap Inc., H&M, Marks & Spencer, Nike, Rowlinson Knitwear, Royal Bermuda, Sears Holdings, Varner Retail we VF Corporation hem öz üstlerine Türkmenistanda öndürilen pagtany ulanmazlyk borçnamasyny aldylar (Turkmen Cotton Pledge).

ABŞ 2018-nji ýylyň maýynda türkmen pagtasynyň, şeýle-de ondan taýýarlanan önümleriň importyna gadaganlyk girizdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň pagta önümleri gadagançylyklaryň bardygyna garamazdan, Amerikada satylýar
Hukuk goraýjylar tussaglykdaky aktiwiste “Zähmet hukuklarynyň goragçysy” sylagyny berdiler
Hukuk goraýjylar Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy aksiýa geçirdiler
Türkmen pagtasy dünýä bazaryna Türkiýäniň üstanden çykarylýar
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Global markalar türkmen pagtasyndan el çekmäge çagyrylýar