Türkmen pagtasy dünýä bazaryna Türkiýäniň üstanden çykarylýar

Häzirki zaman şertlerindäki gulçulyga garşy göreşýän hukuk goraýjy gurama “Anti-Slavery International” Türkmenistan hakynda hasabat çap etdi.

Hukuk goraýjylaryň anyklmaklaryna görä, Türkmenistan her ýylda Türkiýä $300 millionlyk pagta iberýär. Bu pagta soňra dünýä bazarlaryna çykarylýan türk dokma önümlerini taýýarlamakda ulanylýar.

“Anti-Slavery” Türkmenistandaky pagta senagatynda işleýän türk kompaniýalarynyň birnäçesini ýüze çykardy. Olaryň biri Çalik Holding (Calik Holding) bolup durýar.

Hukuk goraýjylar dünýä brendlerini türkmern pagtasyny öz önümlerinde ulanmakdan ýüz döndermek baradaky borçnama (Turkmen Cotton Pledge) gol çekmäge hem-de Türk haryt iberijileri bilen has ýakyndan işleip, olary Türkmenistandan gelýän çig maly ulanmakdan ýüz döndärmäge yrmaga çagyrýarlar.

Ýatladýarys, pagta ýygymynda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglylykda, tanymal brendleriň birnäçesi, şol sanda IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara we beýlekiler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürdi.

Adidas, Columbia Sportswear, Designworks, Gap Inc., H&M, Marks & Spencer, Nike, Rowlinson Knitwear, Royal Bermuda, Sears Holdings, Varner Retail we VF Corporation kompaniýalary bolsa, öz üstlerine Türkmenistandan gelen pagtany ulanmazlyk hakynda borçnama (Turkmen Cotton Pledge) aldy.

ABŞ 2018-nji ýylyň maýynda türkmen pagtasynyň, şeýle-de onuň ulanylmagynda öndürilen önümleriň Birleşen Ştatlara getirilmegine gadaganlyk girizdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň pagta önümleri gadagançylyklaryň bardygyna garamazdan, Amerikada satylýar
Hukuk goraýjylar tussaglykdaky aktiwiste “Zähmet hukuklarynyň goragçysy” sylagyny berdiler
Hukuk goraýjylar Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy aksiýa geçirdiler
Berdimuhamedow türkmen matalaryny wagyz etmek üçin mahabat serişdeleriniň öňdebaryjy gurallaryny ulanmagy buýurdy (wideo)
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Global markalar türkmen pagtasyndan el çekmäge çagyrylýar