26-njy ýanwarda prezident Berdimuhamedow maliýe-ykdysady pudagyny ösdürmek boýunça iş mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Premýer-ministriň ykdysady, bank meseleleri we halkara maliýe guramalary boýunça orunbasary Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň: Garaşsyz döwletiň täze zamanasyny täzeden döretmegiň” taýýarlanyşy barada hasabat berdi.
Resminama Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisine hödürlener.
Maliýe we ykdysady ministr Muhammetgeldi Serdarow ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak babatdaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi bilen ilteşikli hasabat berdi.
Merkezi bankyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow bolsa,bank edaralarynyň işlerini ösdürmek boýunça işler hakynda hasabat berdi. Şeýlede bu dogrusynda banklaryň ýolbaşçylary hem hasabat berdiler. Emma, TDH olaryň atlaryny agzamaýar.
“Ýurtda maliýe we sosial durnuklylyk saklanýar. Daşky faktorlaryň täsiriniň öňüni almak üçin öz wagtynda çäreler görülýär, ykdysadyýetiň daşky faktorlara uýgunlaşmalary boýunça işler amala aşyrylýar” diýip hasabatlaryň jemleri boýunça prezident belleýär.
Ol maliýe-ykdysady toplumdaky dört wezipäni yglan etdi.
-“puluň mydama durnukly hereket etmegi”,
-karz-pul syýasatyny,maliýe serişdeleri dolandyrmak, ösdürmek, şeýlede ykdysadyýete gönükdirilen karzlary üpjün etmek we täsirli ulanmak,
-milli puluň satyn alyş ukybyny pugtalandyrmak we ýurdy senagat-innowasiýa taýdan ösdürmegi goldamak,
-Kiçi we orta kärhanalaryň durmuşa geçirýän taslamalaryny goldamak.
Mejlisiň jemi boýunça Berdimuhamedowyň bellemegine görä,ýurdy ösdürmek boýunça täze maksatnamalar IHD-niň möçberini has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri çözmegi zerur.The post Berdimuhamedow ýörite mejlisde “puluň işleýişine gözegçiligi” tabşyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.