Berdimuhamedowyň ýegenleri bilen ilteşikli Britan şirketi öz-özünden dargaýar

Berdimuhamedowyň ýegenleri bilen ilteşikli Britan şirketi öz-özünden dargaýar

Beýik Britaniýada resmi hasaba alynan Delanore Limitediň başlygy, Türkiýäniň raýaty Asiýa Jeren Çap şirketiniň meýletin dargaýandygy barada arza berdi diýip Turkmen news maglumat berýär.

Şu ýylyň oktiýabr aýynda “Pandoranyň arhiwinden” resminamalaryň syzmagy netijesinde neşiriň jurnalistleri Delanore Limited şirketiniň hakyky eýesiniň prezident Berdimuhamedowyň ýegenleriniň biri, Şamyrat (il arasynda Şammy diýlip atlandyrylýan) Rejepowdygyny anykladylar.

Şol şirketiň üsti bilen Türkmenistanyň himiýa we nebit kärhanalarynyň önümleri daşary ýurtlara satyldy.

Şirketi dargatmak barada 8-nji noýabrda berilen arza iki aýyň dowamynda kanagatlandyrylar.

2020-nji ýylda Türkiýede açylan Delanore şirketi bolsa, entegem bar diýip “Türkmen.news” ýazýar.

The post Berdimuhamedowyň ýegenleri bilen ilteşikli Britan şirketi öz-özünden dargaýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi
Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemekçi
“Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…”
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda