Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemekçi

Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemekçi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegeni Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenmäge taýýarlanýar.Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesine görä, prezident halk arasynda Şammy ady bilen tanalýan Şamyrat Rejepowy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek kararyna geldi.

Rejepowyň bu wezipä bellenilmek ähtimallygy baradaky maglumat prezidentiň agzalýan banka ýurtda himiýa desgasyny gurmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinden karz alyp başlamagy buýrandan birnäçe gün soň peýda boldy. Şeýle-de, çeşmelerimiz prezidentiň ýakyn töweregindäki beýleki adamlaryň hökümetdäki "möhüm wezipelere" belleniljekdigini hem öňe sürýärler.​

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
“Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…”
Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi
Berdimuhamedowyň ýegenleri bilen ilteşikli Britan şirketi öz-özünden dargaýar
Turkmen.news: Meşhur blogger Aşgabatda öldürildi