BERKARAR WATANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda “Berkarar Watanyň bagtyýar zenanlary” ady bilen Aşgabat medeni dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, zenan mertebesi belentden tutulyp, mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýazyň ilkinji güni şahyr, Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň ýatlanyp geçilýändigi, şahyryň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gurbannazar Ezizow “Ýazyň-güýzüň şahyry” diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
GARAŞSYZLYK GUDRATYNDAN GÜÝÇ ALYP, ÝURT ERKANA BEDEW ATLAR AGYNANDA
2026-NJY ÝYLYŇ 27-NJI FEWRALY 1-NJI MARTY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI
Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni bellenildi
GÖK GÜMMÜRDÄP GITDI UZAK ÝERLERE