Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň üstünden geçen şahasy ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy

Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň üstünden geçen şahasy ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy

2023-nji ýylyň 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji sessiýasy bolup geçýär.Onuň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň üstünden geçen şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Has takygy, Özbegistan tarapyndan Beýik Ýüpek ýoly: Zarafşon — Garagum şahasy atly resminama ÝUNSEKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň garamagyna hödürlenilip, ol 45-nji sessiýanyň dowamynda tassyklanyldy. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň Zarafşon — Garagum şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun aldy.

Bu barada daryo.uz özbek saýty habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Beýik Ýüpek ýolunyň Zarafşon — Garagum şahasy üç döwletiň — Täjigistanyň, Özbbegistanyň hem-de Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän 31 taryhy ýadygärlikden ybaratdyr. Şol taryhy ýadygärlikleriň 9 sanysy Täjigistanda, 15 sanysy Özbegistanda, 7 sanysy bolsa Türkmenistanda ýerleşýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň Zarafşon — Garagum şahasynyň ugrundaky taryhy ýädygärlikler taryhyň iň möhüm söwda ýollarynyň biri bolan Beýik Ýüpek ýolunyň baý taryhyny we onuň ugrunda ýaşan halklaryň medeni mirasyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Milli mirasymyzyň halkara derejesindäki dabaralanmasy
Ýurdumyzyň täsin çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryny we ähli watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Gadymy Amul galasy barada halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi