Bijeler 29-njy awgustda çekiler

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary tamamlanyp, toparçalarda çykyş etjek 32 klub belli bolanyndan soň, 29-njy awgustda, has takygy, geljek hepdäniň penşenbe güni bije çekiliş dabarasy geçiriler.

Monakoda geçiriljek bije çekiliş dabarasy agşamara bolup, şonda 32 klubuň haýsy toparçalarda çykyş etjekdigi kesgitlener.Bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.Häzirki wagtda 32 klubuň 26-sy belli bolup, olar 4 torba bölüner, 8 toparça-da paýlanar. 1-nji torbany Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynyň ýeňijileri “Liwerpul” we “Çelsi” bilen bir hatarda, yklymyň öňdebaryjy çempionatlarynyň çempionlary “Man.

Siti”, “Barselona”, “Ýuwentus”, “Bawariýa”, PSŽ hem-de “Zenit” klublary düzýär. 2-nji torbada “Real Madrid”, “Atletiko”, “Borussiýa D”, “Napoli”, “Şahtýor”, “Tottenham”, “Benfika”, “Lion” ýa-da “Aýaks” klublary bolar. 34-nji torbalar anyk bolman, “Baýer”, “RB Salsburg”, “Walensiýa”, “Inter”, “Lokomotiw”, “Genk”, “Galatasaraý”, “Leipsig”, “Atalanta”, “Lill” hem-de pleý-offdan goşuljak 6 klub bilen tamamlanar. Şeýle-de, şol günki bije çekiliş dabarasynyň dowamynda UEFA Çempionlar ligasynda geçen möwsümiň iň ökde oýunçylary hem mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Çärýek we ýarym final oýunlary
ÝEWROPA LIGASY
6 topar ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Filippinlerde terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa geçirildi