Bilelikde zarýad bekedi gurarlar

Germaniýanyň “Volkwagen” awtoulag öndüriji kompaniýasy bilen Angliýanyň BP nebit-gaz kompaniýasy elektroulaglara zarýad berýän beketleriň gurluşygyny bilelikde amala aşyrarlar.Zarýad beketleri BP-niň Ýewropadaky ýangyç beketleriniň çäginde ýerleşdiriler.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 8 müň zarýad bekedi dörediler.Ilkinji zarýad bekedi Germaniýanyň Düsseldorf şäherinde ulanmaga berildi.Geljek iki ýylyň dowamynda Germaniýada we Birleşen Patyşalykda 4 müň beket ulanmaga berler.

“Volkswagen”-iň işläp taýýarlan “Flexpole” atly 150 kW kuwwaty bolan zarýad beketleri pes güýjenmeli tora birigip bilýändigi sebäpli aýratyn transformatora zerurlyk duýmaýar.Bu bolsa, onuň özüne düşýän bahasyny peseldýär. Şeýle hem bu zarýad beketleri elektroulagyň 10 minutda 160 kilometr ýol geçmegine ýeter ýaly zarýad berip bilýär.

BP ýangyç beketlerinde oturdyljak zarýad nokatlary VW toparyna degişli ähli brendler (“Seat” we “Skoda” hem degişli) üçin elýeterli bolar.

Sanjar Mämmetdurdyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar
Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
“Volkswagen”-iň täze maksady
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
Awtoulag bazarynda täze döwür