“Bir trillion agaç” başlangyjy

Şu hepdäniň dowamynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde Bütindünýä ykdysady forumy geçirildi.Bu forumyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri howanyň üýtgemegine garşy göreş boldy. Her ýyl Dawos şäherçesinde geçirilýän däbe öwrülen Bütindünýä ykdysady forumyny esaslandyryjy Klaus Şwab 2030-njy ýyla çenli tutuş dünýäde 1 trillion agaç ekmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Bu başlangyjy goldap, dünýäniň köp sanly döwlet we hökümet baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Klaus Şwabyň aýtmagyna görä, ekoulgamy täzelemek öňümizdäki onýyllygyň möhüm wezipeleriniň biridir.Bu geljek nesliň has gowy durmuşda ýaşamagy üçin zerurdyr. 21-24-nji ýanwar aralygynda geçirilen Dawos forumyna 117 ýurtdan 3000-e golaý wekiliýet gatnaşdy.

Kakageldi AMANOW, talyp.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz Şu Gün Ruminiýa Gider
FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Prezident Erdogan Ruminiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Zelenskiý hassahanada ýaralanan ukrain esgerler bilen duşuşyk geçirdi
Täze ýylyň bosagasynda Aşgabatda baýramçylyk konsertleri geçirildi
Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi