“Crypto Globe” internet neşiri iri amerikan “Morgan Stanley” bank holdinginiň ozalky wise-prezidenti Donald Makintaýra salgylanyp, “Bitcoin” kriptowalýutasynyň geljeginiň uludygyny belleýär.Geljekde onuň ulanyjylarynyň sany barha artyp, esasan, iri hasaplaşyklar üçin ulanylar.
Bu tehnologiýa durmuşa ornaşdyrylandan soňra, ähli zat özgerer diýip, Makintaýr aýdýar. “Bitcoin” onlaýn arkaly tölegleri amala aşyrmakda ýüze çykýan ähli meseleleri aradan aýyrmak maksady bilen döredilen sanly walýuta ýa-da internet walýutasydyr.
Ol dolulygyna sanly maglumat bolup, ony internet ulgamyndaky pul diýip, atlandyrsaň hem bolar.Bu töleg ulgamy ilkinji gezek 2009-njy ýylda ulanyşa girizildi.
