Blinkeniň Ysraýyla Gurajak Sapary Yza Süýşürildi

Blinkeniň Ysraýyla Gurajak Sapary Yza Süýşürildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň şu hepde Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwe gurajak saparynyň yza süýşürlendigi nygtaldy.

Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Entoni Blinkeniň şu hepde Ysraýyla gurajak saparynyň yza süýşürildi we Blinkeniň duşenbe güni Tel-Awiwe gelmegine garaşylýar.

Kararyň, Hamasyň ýolbaşçylaryndan Salih Al Aruriniň Liwanda öldürilmeginden soň kabul edilmegi ünsleri özüne çekdi.

Käbir töwerekler bolsa, Blinkeniň saparynyň “tehniki sebäplerden yza süýşürlendigini” Aruriniň janyna kast edilmegi bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny öňe sürdi.

Ysraýylyň, Hamasyň Liwanyň paýtagty Beýrutdaky ofisine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde Aruri bilen birlikde 7 adam ýogalypdy, 11 adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer
Ysraýyl, Hamasyň Ýolbaşçylaryndan Salih Al Arurini Öldürdi
Kassam topary Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm gurady
“Ysraýyl, Gazada Asuda Ilatyň Goralmagyna Ähmiýet Bermeli”
“ABŞ Bilen Ysraýylyň Arasynda Söweş Meselesindäki Garaýyş Tapawutlylygy Çuňlaşýarmy?”