Ysraýyl, Hamasyň Ýolbaşçylaryndan Salih Al Arurini Öldürdi

Ysraýyl, Hamasyň Ýolbaşçylaryndan Salih Al Arurini Öldürdi

Ysraýylyň, Liwanyň paýtagty Beýrutda guran hüjüminde Hamasyň ýolbaşçylaryndan Salih Al Aruri öldürildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň radiosynda berlen habara görä, Beýrutdaky hüjümde Hamasyň syýasy işlerden jogapkär başlygynyň orunbasary Salih Al Aruri ýogaldy.

Liwanyň resmi habarlar gullugy NNA hem, Hamasyň ofisiniň öňünde duran ulaglaryň nyşana alynandygyny, hüjümde Aruri bilen birlikde 6 adamyň ýogalandygyny, 11 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümden soň Ysraýyla degişli harby uçarlar, paýtagt Beýrutda we günortadaky Sur şäherinde gözegçilik uçuşyny amala aşyrdy.

Salih Al Aruriniň öldürilmeginden soň Liwandaky Hizbullah hem, Ysraýyla garşy hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hamasyň syýasy işlerden jogapkär başlygynyň orunbasary Salih Al Aruri 1966-njy ýylyň 19-njy awgustunda Ramallah şäherinde dogulýar.

Hamasyň ýaragly Kassam toparynyň döredilmegine uly goşant goşan Al Aruri 15 ýyl Ysraýylda tussaglykda saklanandan soň ýurtdan çykarylýar we Liwanda ýaşamaga başlaýar.

Ýene degişli makalalar

Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer
Blinkeniň Ysraýyla Gurajak Sapary Yza Süýşürildi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iň kyn diller
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy