Blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana iberildi

Blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana iberildi

Düýn agşam mälim bolmagyna görä, Stambulda ýaşaýan blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew geçen hepde Özbegistana zor bilen deportasiýa edildi diýip, Moskwadaky “Memorial” merkezi we adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasyna bu habary aklawçy Abdulhalim Ýylmaz ýetiripdir.

Garagalpagystanda doglan etniki türkmen J. Dädebaýew soňky iki ýylda türkmen we garagalpak wekilleriniň demokratik hereketlerine işjeň gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Özbegistan ony "terrorçylykda" aýyplap, birnäçe ýyl ozal interpolyň üsti bilen gözlenýän adamlaryň sanawyna goşdy.

Stambul polisiýasy 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda türkmen aktiwistleriniň Aşgabatdaky hökümete garşy ýygnanyşygynyň öňüni almak üçin çäre geçirende, Dadebaýewi hem tussag etdi. Emma ol alty aýdan soň, kazyýetiň karary bilen, deportasiýa merkezinden boşadyldy.

Aktiwist 17-nji dekabrda Stambulyň Kädiköý etrabynda, Oguz medeniýet, hyzmatdaşlyk we bilim guramasynyň eadra jaýyndan çykanda näbelli adamlaryň özüni yzarlaýandygyny gördi we soň tanyşlary bilen söhbetdeşlikde olaryň "özbek ýörite gulluklarynyň wekilleri" bolandygyny öňe sürdi.

Şondan soň ol polisiýa ýüz tutdy we bu bolan waka 20-nji dekabrda prokuratura belligine alyndy; şol gün türk häkimiýetleri onuň gaçybatalga sorap ýazan arzasyny hem kabul etdi, ýöne bu arza häzirlikçe seredilmedi diýip, habarda bellenýär.

Dädebaýewiň Stambuldaky tanyşlary onuň 11-nji ýanwarda aragatnaşyga çykmagyny kesendigini habar berdiler. Şondan bäri onuň telefony öçük, sosial ulgamlardaky şahsy sahypalary bolsa täzelenmedi.

Aktiwist iň soňky gezek 10-njy ýanwarda irden “Memorial” bilen habarlaşyp, öz başdan geçirmeleri baradaky ýazgylara ownuk düşündirişlerini iberdi. Şol gün öýländen soň bolsa, öz aklawçysy bilen habarlaşmaga synanyşdy.

Dädebaýewiň Türkiýedäki tanyşlary onuň zor bilen Özbegistana äkidilmeginden gorkup, ony Stambuldan tapmaga synanyşdylar. Düýn olaryň bu gorkulary tassyklandy diýip, habarda bellenýär.

Aklawçy Abdulhalim Ýylmazyň maglumatlaryna görä, 12-nji ýanwarda ýitirim bolan aktiwist Türkiýeden Özbegistana deportasiýa edildi. Bu wakanyň jikme-jiklikleri öwrenilýär. Abdulhalim Ýylmaz türk kazyýetiniň ozal Dädebaýewiň Özbegistana iberilmegini gadagan edendigini we bu kararyň henizem güýjünde galýandygyny aýtdy.

Jumasapary tanaýanlaryň hemmesi onuň meýletin, öz razylygy bilen Özbegistana dolanyp bilmejekdigine ynanýar.

Golaýda Gazagystanda bolan wakalardan soň göze ilen görnetin işjeňleşmäniň arasynda, hukuk goraýjylar Witaliý Ponomarýew bilen Annadurdy Hajyýew bu ýerde özbek ýörite gulluklarynyň gatnaşmagynda geçirilen bikanun operasiýa babatynda alada bildirýär.

Şeýle-de olar garagalpak oppozisiýasynyň wekillerine salgylanyp, olaryň Özbegistandaky tarapdarlarynyň bikanun deportasiýa edilen aktiwistiň ykbaly barada maglumat tapmaga synanyşjakdygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aktiwist Jumasapar Dädebaýew Daşkentdäki SIZO ýerleşdirildi
Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi
BAGTYÝAR DÖWÜRde BAGTLY ÇAGALYK
Prezident howpsuzlygy maslahat etdi, iki howpsuzlyk resmisine käýinç berdi