BMG: Moskwa — durmuşyň hili boýunça dünýäniň iň oňat megapolisi

BMG: Moskwa — durmuşyň hili boýunça dünýäniň iň oňat megapolisi

Birleşen Milletler Guramasy RF-niň paýtagty Moskwa şäherini durmuşyň hili we infrastrukturanyň ösüşi diýen ugurlar boýunça dünýäniň iň gowy megapolisi diýip yglan etdi, bu barada guramanyň düýn çap edilen Şäherleriň gülläp ösüş indeksinde görkezilýär. Bu barada Izwestiýa ýazýar.

Infrastrukturanyň ösüşi boýunça Moskwa 83,2 bal, Pariž 76,3 we London 75,9 bal gazandylar. Durmuşyň hili boýunça hem bu gadymy rus şäheri Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň paýtagtlaryndan saýlanmagy başardy.

Megapolisleriň 29-synyň gatnaşmagyndaky bütindünýä reýtinginde Moskwa üçünji orny, ilkinji orny Singapur, ikinji ýeri bolsa Toronto eýeledi.

Ýene degişli makalalar

SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy
Şazada Garri we Megan Markl şa aýalynyň teklibinden ýüz öwürdi
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Türkiýede 1,5 Million Ýaşaýyş Jaýy Satyldy
Givenchy moda öýüne 70 ýyl boldy
“Cartier” kompaniýasy “Tiffanyny” kazyýete berdi