“Cartier” kompaniýasy “Tiffanyny” kazyýete berdi

“Cartier” kompaniýasy “Tiffanyny” kazyýete berdi

Cartier ýuwelir öýi öz bäsdeşi bolan Tiffany amerikan brendini telekeçilik syryny ogurlamakda aýyplap, kazyýete ýüz tutdy. bu barada Agence France-Presse (AFP) habarlar gullugyna esaslanyp, TASS ýazýar.

Aýyplamada Tiffanynyň ýolbaşçylygynyň bikanun ýoly bilen ýuwelir öýüniň işi barada maglumatlary Cartier kompaniýasynyň ABŞ-da ýaşaýan öňki işgäriniň üsti bilen edinjek bolandygy aýdylýar.

Reuters habarlar gullugy bu işewürlik syrynyň ogurlygynyň dekabrda bolandygyny ýazýar, arza görä, Tiffany kiçi menejer Megan Marinony ýokary wezipä belläp, ondan Cartier öýüniň High Jewelry taslamasy barada maglumatlary anyklamak isläpdir, bu bezeg toplumyndaky her bir şaý-sepiň bahasy 50 müň dollardan 10 million dollara çenli bahalanýar. Işgär bäş hepdeden soň işden boşadylypdyr.

Cartier kompaniýasynyň kazyýete arzasynda ýetirilen zyýanyň öweztölegi hem-de ogurlanan işewürlik syrynyň gaýtarylyp berilmegi we olaryň peýdalanylmazlygy talap edilýär.

Ýene degişli makalalar

63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN
“Arsenala” ne döw çaldy?!
“Toyota Land Cruiser” iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda birinjiligi eýeledi
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi