BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki Kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça iki Kararnama kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, degişli çözgütler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerine Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldan ähli ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigin nygtap, mejlise gatnaşyjylary möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle-de 2025-nji ýylyň mart aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan tassyklady.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy