BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin müdiriniň orunbasary Sebastian Penzini bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda kuwwaty artdyrmak üçin bilelikdäki çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň bir bölegidigi nygtaldy.

M.Bäşimowa Türkmenistanyň ilaty betbagtçylyk howplaryndan we olaryň netijelerinden goranmak üçin täsirli çäreleri görýändigini belledi. Bu nukdaýnazardan, halkara guramalarynyň hem işjeň gatnaşýan, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça pudagara iş toparynyň alyp barýan işleri bellenildi.

Taraplar tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk we garşy göreşmek, şeýle hem sebit we halkara derejesinde çäreleri geçirmek boýunça bilelikdäki işleri has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we BMG betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgasy kabul edildi
Belentden ýaňlanan owazlar
Aşgabat şäherine bagyşlanan maslahat geçirildi
Aşgabatda Nippon gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory kabul edildi
“Nippon” gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi