Türkmenistan we BMG betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we BMG betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin müdiriniň orunbasary Sebastian Penzini bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

17-nji oktýabrda bolan duşuşykda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu ugurda kuwwaty artdyrmak üçin bilelikdäki çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň bir bölegidigi nygtaldy.

Taraplar tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk we garşy göreşmek, şeýle hem sebit we halkara derejesinde çäreleri geçirmek boýunça bilelikdäki işleri has-da güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, M.Bäşimowa Türkmenistanyň ilaty betbagtçylyk howplaryndan we olaryň netijelerinden goranmak üçin täsirli çäreleri görýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan, halkara guramalaryň hem işjeň gatnaşýan, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça pudagara iş toparynyň alyp barýan işleri bellenildi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Sloweniýanyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgasy kabul edildi
Belentden ýaňlanan owazlar
Aşgabatda Nippon gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory kabul edildi
“Nippon” gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi