Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 16-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar geljegi uly ugurlar hökmünde şäher gurluşyk kanunçylygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, durmuş taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek üçin ählumumy maksatnamalarydyr strategiýalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.

Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň dowamynda ýurtda BMG-niň wekilçiligini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen dolduryp, mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi
“Nippon” gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan we BMG betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar