BMW M 50 ýyllygy mynasybetli 1341 at güýji bolan iM2 elektrokaryny çykarar

BMW M 50 ýyllygy mynasybetli 1341 at güýji bolan iM2 elektrokaryny çykarar

BMW M indiki ýyl özüniň 50 ýyllygyny belleýär. Kompaniýa munuň garaşylmadyk sowgatlardan doly ýyl boljakdygyny eýýäm mälim etdi. BMW bu wakany täze iM2 elektrik ulagyny görkezmek bilen bellär. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Kupe Project Katharina ady bilen işlenip düzülýär.Ol örän güýçli tehniki häsiýetnama eýe bolar.Model jemi 1341 at güýjüni berýän dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen işlär.Bu örän ýokary güýç bolup, ol modeliň 0-dan 100 km/sag çenli 2,5 sekuntda ýa-da ondan hem az wagtyň içinde bat alyp bilmegine mümkinçilik berýär.

Awtomobil Nýurburgringi 7 minutdan hem az wagtyň içinde geçdi.Bu görkeziji McLaren 720S we Ferrari 488 Pista superkarlary üçin has gowy bolar.Model barada maglumat häzirlikçe az.

Onuň häzirki günde işlenip düzülen iň ýokary derejeli akkumulýator tehnologiýasy, şeýle-de häzire çenli diňe multfilmlerde görkezilýän awtomobiller üçin elýeterli bolan öwrüm pursady wektorynyň düýpgöter ösen derejesi bilen üpjün ediljekdigi barada gürrüňler bar.

Taslama işlenip düzülýär we heniz tassyklananok.Onuň çäkli tiraž bilen çykarylmagy mümkin.Model uglerod süýümli kuzow paneline, ýeňil aýna we güýçli elektrik geçirijä eýe bolar.

Ýene degişli makalalar

Tesla-nyň bazary ösýär
BMW maý aýynda X1 krossoweriniň täze neslini tanyşdyrar
Krossower ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan ulag boldy
2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Ferrari tormozyndaky näsazlyk sebäpli 23 müňden gowrak awtoulagy yzyna ýygnaýar
Tesla ýylyň üçünji çärýeginde rekord 343 müň elektromobil satdy
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (11-nji bölüm)