Tesla ýylyň üçünji çärýeginde rekord 343 müň elektromobil satdy

Tesla ýylyň üçünji çärýeginde rekord 343 müň elektromobil satdy

Amerikanyň Tesla elektromobillerini öndürýän kompaniýasy ýylyň ikinji çärýeginde, ondan öňki üç aý bilen deňeşdirilende, önüm bilen üpjünçiligini 34,5% artdyrdy, ýagny rekord 343,83 müňe ýetirdi diýip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär.

Şol bir wagtda FactSet-iň sorag geçiren seljerijileri görkeziji 371 müň ulag boldy diýip çaklama berdiler. Şonlukda, Model S we Model X bilen üpjünçilik 18 672 sany, Model 3 we Model Y bilen üpjünçilik — 325 158 sany boldy. Ýylyň geçen çärýeginde Tesla 365 923 awtoulag öndürdi, bu ýylyň ikinji çärýeginiň görkezijisinden 41% köpdür. Şeýlelikde, Teslanyň öndürýän we ýerleýän awtoulaglarynyň sanynyň aratapawudy 22 müň awtoulagdan hem agarak boldy, bu aprel-iýun aýlarynda 4 müňdenem esli kändir.

Munuň özi awtoulaglaryň goýberilişiniň isleglerden ep-esli öňe gidýändigine şaýatlyk edýär diýip, ekspertler çaklaýarlar.Emma kompaniýa munuň logistikadaky kynçylyklar sebäpli şeýle bolandygyny belleýärler.

Tesla üçünji çärýegiň maliýe hasabatyny 19-njy oktýabrda çap etmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
80 göterimi elektroulag
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Tesla-nyň bazary ösýär
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Ilon Mask Hytaýa bardy