Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar

Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar

Öňňin, 26-njy martda Hytaý Halk Respublikasynyň Haýnan ülkesindäki Boao ilatly ýerinde Boao Aziýa forumy (BAF-2024) öz işine başlady.Guramanyň baş sekretary Li Baodun 60-dan gowrak ýurtdan we sebitden gelen 2 müňden gowrak, şeýle-de dünýäniň 40 ýurdundan we sebitlerinden gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini forumyň işine başlamagy bilen gutlady.

Bu barada Russian.china.org.cn saýty habar berýär.

Li Baodun duşuşygyň bu gezekki temasynyň Aziýa we dünýä: umumy töwekgelçilikler we umumy jogapkärçilik diýlip atlandyrylandygyny, onuň öz içine dünýä ykdysadyýeti, ylmy-tehniki innowasiýalar, sosial ösüş, halkara hyzmatdaşlyk we töwekgelçiliklere garşy bilelikdäki tagallalar diýen meseleleri alýandygyny habar berdi.

BAF-2024 duşuşygynyň çäklerinde ady agzalan mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar.

BAF-2024 forumy 29-njy marta çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi
BAF Hytaýy dünýä birikdirýär
Ýurdumyzyň binagärlik keşbine ýokary baha
90 ýyllyk “La Liga”
Kiçi we arzan