Bold tarapyndan goýlan iki awtoulagyň biriniň eýesi belli boldy

Bold tarapyndan goýlan iki awtoulagyň biriniň eýesi belli boldy

Bold içgileri üçin utuşa goýlan iki awtoulagyň biriniň eýesi belli boldy. Satyn alan içgisiniň gapagyndan arzyly ýeňiş çykan Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Şamyrat Dangeldiýew içgini öndüriji kompaniýa tarapyndan goýlan Hyundai Sonata awtoulagyna mynasyp boldy. Utuşda şeýle ulagyň ýene biriniň bardygyny ýatladýarys.

Bold içgileriniň gapagynda awtoulagdan başga-da, telewizor, kondisioner, holodilnik, welosiped, şeýle hem Samsung A10, Redmi 9 we iPhone 11 telefonlary hem utuş bolup gelip bilýär.

Bold içgilerini öndüriji Ýüpekçi kompaniýasy utuşlaryň şu hepdäniň ahyryna çenli dowam etjekdigini ýatladýar we hemmeleri utuşa gatnaşmaga we bijesini synamaga çagyrýar. Munuň üçin Bold içgisini satyn alyp, gapagynyň aşagyndaky ýazga seretmek ýeterlik. Utuş gazanan müşderi +99361679121 belgili telefona jaň edip, baýragyny alyp biler.

Alkogolsyz içgileriň bazarynda 2015-nji ýyldan bäri işläp gelýän Ýüpekçi hususy kärhanasy Näzli gazlandyrylan içgilerini, Buzz sowuk çaýyny we Näzli, Hoşal, 7gen miwe suwlaryny hem öndürýär.

Ýene degişli makalalar

Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň ýardamy bilen Ýüpekçi HJ ýene-de bir halkara şahadatnama eýe boldy
Standart Hyzmat türkmen kompaniýasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar
"Ýüpekçi" kompaniýasy Daşkentdäki sergide täze önümi bilen çykyş edýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Jeňow (1923-1995) 100 ýyllygy
Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Diňle: Ýüpekçiler nobatdaky pile möwsümine girişýär, häkimiýetler býujet işgärlerini önümçilige çekýär