
Gümrük geçelgelerinde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda 27-nji aprelde başlanan ses bermek işleri eýýäm 1 hepde bäri dowam edýär.
Ýokary Saýlaw Geňeşi tarapyndan berilen maglumata görä häzirki wagta çenli Türkiyäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda we gümrük geçelgelerinde 1 million 7 müň 165 saýlawçy ses berdi.
Şu günden başlap Gazagystandaky we Bolgariýadaky türk raýatlar ses bermäge başlady.
Gazagystanyň paýtagty Astan şäherindäki türk raýatlar, ýerli wagt bilen sagat 09:00-dan başlap, Türkiyäniň Astana şäherindäki ilçihanasynda gurulan saýlaw uçastogynda ses bermäge başladylar.
Gazagystanda ýaşaýan takmynan 6 müň 106 bellige salynan türk saýlawçy üçin Türkiyäniň Astana şäherindäki ilçihanasynda, Almata we Aktau şäherlerindäki Baş konsullyklarda açylan saýlaw uçastoklarynda ses bermek işleri 7-nji maý agşama çenli dowam eder.
Bolgariýada bolsa Türkiyäniň Sofiýa şäherindäki ilçihanasy bilen birlikde Burgas we Plowdiw şäherlerindäki Baş konsullyklarynda açylan saýlaw uçastoklarynda saýlawçylar şu gün irdenden başlap ses bermäge başladylar.
Blgariýadaky ses bermek işleri 7-nji maýa çenli dowam eder.
Gümrük geçelgelerindäki ses bermek işleri günüň 24 sagady işleýär we 14-nji maý sagat 17:00-a çenli dowam eder.