“Borussiýadan” “Borussiýa” transfer bolar

“Borussiýa M” toparynyň tälimçisi Marko Rouz “Bundesliganyň” başga bir topary “Borussiýa D” toparynyň tälimçisi bolar.Bu barada Mönhengladbah şäheriniň wekiliniň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşyndaky Marko Rouz möwsümiň ahyrynda “Borussiýa Dortmund” toparynyň tälimçisi wezipesine bellener. “Borussiýa M” toparynyň sport direktory Maks Eberl: “Gynansagam, Marko Rouz şertnamasyndaky bir madda esaslanyp, “Borussiýa Dortmund” toparynyň tälimçisi bolmagy saýlady” diýip, çykyş etdi. “Borussiýa M” bilen “Borussiýa D” toparlary mart aýynda Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşarlar.

The post “Borussiýadan” “Borussiýa” transfer bolar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Möwsümiň taryhy ýeňişleri
Titanik filmindäki agaç gapy satuwa çykaryldy
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramy mynasybetli dabara geçirildi
Täze keşpler
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
BOLT bürünç medal bilen tamamlady