Bred Pitt kompaniýasyny satýar

Bred Pitt kompaniýasyny satýar

Meşhur aktýor Bred Pitt özüniň Plan B Entertainment prodýuserlik kompaniýasyny satmakçy diýip, The Hollywood Reporter neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Plan B Entertainment kompaniýasynyň Pitt bilen şärikdeş eýeleri Didi Gardner we Jeremi Klýaýner bolup durýarlar. Häzirki wagtda olar müşderini gözleýärler. Geleşigiň deslapky bahasy aýdylmaýar.

Öň Plan B Entertainment prodýuserlik kompaniýasy Çarli we şokolad fabrigi, Gulçulygyň 12 ýyly we Iý, çokun, söý ýaly meşhur filmleri goýberipdi.

Ýene degişli makalalar

Kino täzelikleri
Sungat habarlary
Täze film
“Blade Runner 2049”
Täze Filmler
Täze film