Täze film

Ady: “Täze mutantlar” (The New Mutants)

Režissýory: Joş Bun

Keşplerde: Maýzi Williams, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Hiton, Alis Braga, Blu Hant, Henri Zaga

Prodýuserleri: Saýmon Kinberg, Karen Rosenfelt, Loren Şuler Donner

Ssenariçileri: Joş Bun, Neýt Li

Kompozitory: Mark Snow

Öndüriji: 20th Century Studios”, “Marvel Entertainment”, “Genre Films”, “Sunswept Entertainment”

Paýlaýjy: “20th Century Studios”

Dowamlylygy: 94 minut

Görnüşi: ylmy-fantastik

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 100 million $.

“Täze mutantlar”

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli prokata çykmaly wagty telim gezek süýşürilen Täze mutantlar filmi düýnden başlap, ABŞ-nyň çägindäki kinoteatrlarda görkezilip ugrady.Joş Bunuň režissýorlyk eden filminde Maýzi Williams, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Hiton dagy esasy keşpleri janlandyrdy. 100 million dollar çykdajy edilen film 20th Century Studios” bilen “Marvel Entertainment” studiýalar tarapyndan bilelikde taýýarlandy. “Iks adamlar” filmler toplumynyň dowamy hökmünde görülýän ekran eseriden 5 sany täze mutantyň özleriniň täze ukyplarynyň üstünden baryşy barada gürrüň berilýär.

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Hepdäniň täze animasiýalary
Sungat habarlary
Bred Pitt kompaniýasyny satýar
Möý adam ABŞ-da ilkinji prokat güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy
Marvel Entertainment kinostudiýasynyň başlygy işden boşadyldy