BSGG Efiopiýada başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

BSGG Efiopiýada başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

BSGG-nyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ozalky ady Twitter bolan X sosial media platformasynda Amharadaky çaknyşyklar barada beýannama berdi.

"BSGG Efiopiýanyň iň köp ilatly 2-nji sebiti bolan Amharada dowam edýän wakalara alada bildirýär" diýip aýdan Tedros Adhanom Gebreýesus, ýollaryň ýapylmagy sebäpli ynsanperwer kömegiň ugradylmagy we internediň wagtlaýyn öçürilmegi sebäpli aragatnaşyk saklamakda kynçylyk çekilýändigi habar berildi.

Tedros Adhanom Gebreýesus: "Çaknyşyklaryň adamlaryň saglygyna gönüden täsiri bar. Onuň saglygy goraýyş ulgamlarynada örän uly we uzak möhletli täsirleri bolup biler" diýip mälim etdi.

Amharada saglygy goraýyş hyzmatlarynyň arakesmesiz elýeterliligi we goralmagy barada çagyryş beren Tedros Adhanom Gebreýesus, şeýlelik bilen BSGG-nyň we hyzmatdaşlarynyň işlerine dowam edip biljekdigini beýan etdi.

Tedros Adhanom Gebreýesus: "Ähli zatdan ozal parahatçylyk" diýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Dünýä ilaty artýar, çaga dogluşy azalýar
Gazagystana göni maýa goýumlary rekord derejä ýetdi
Dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi