BSGG Liwiýada Iş Alyp Barýar

BSGG Liwiýada Iş Alyp Barýar

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy sil betbagtçylygyny başdan geçiren Liwiýanyň gündogarynda keselleriň anyklanmagy we epidemiýalaryň öňüni alynmagy üçin işe girişilendigini habar berdi.

Silden agyr ýitgi çeken Liwiýanyň gündogarynda saglyk taýdan esasy aladanyň arassa suwuň elýetersizligidigini beýan eden Harris, silde ejir çekenleriň ýaşaýan ýerlerinde başlangyç saglyk üpjünçiliginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Halka içýän suwlarynyň nireden gelýändigini bilmekleri üçin çagyryş edendiklerini nygtan Harris, sebite suw arassalaýyjy enjamlary ugradandyklaryny we suwda henizem “hapalyk hem-de zäherli himiki madda” şübhesiniň bardygyny beýan etdi.

BSGG-nyň Liwiýada silde ýitgi çekilen ýerlere 29 tonna derman we lukmançylyk enjamlarynyň ýetirilendigini aýdan Harris; “Häzirki wagtda hassalyklaryň anyklanmagy we ýüze çykmagy ähtimal epidemiýalaryň öňüniň alynmagy üçin tagalla edýäris.

Liwiýanyň Milli hassalyklara gözegçilik merkezi çagalar bilen bilelikde 155 adamda içgeçmäniň bardygyny habar berdi.Esasanda arassa suwa, gigiýena we sanitariýa elýeterliligiň bolmadyk halatynda şertleriň agyrlaşma ähtimallygy has ýokary.

Agyr epidemiýanyň we ýitginiň bolmazlygy üçin ilkinji nobatda şular üpjün edilmeli.Liwiýada ýokary üpjünçilikli saglyk ulgamynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin iş alynyp barylmaly” diýdi.

Harris Liwiýadaky sil betbagtçylygy hakynda ýerli hyzmatdaşlardan alan maglumatlaryna görä 3,998 adamyň ýogalandygyny we 9 müňden gowrak adamyň dereksiz ýitedigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

EFES-2024 Türgenleşigi Geçirildi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Wekiller mejlisiniň başlygyny kabul etdi
Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi