Bukingem köşgi Ýelizaweta II saglygynyň ýaramazlaşandygyny habar berdi

Bukingem köşgi Ýelizaweta II saglygynyň ýaramazlaşandygyny habar berdi

Bukingem köşgi Beýik Britaniýanyň 96 ýaşly Şa zenany Ýelizaweta II saglygynyň ýaramazlaşandygyny habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Habarda şu gün — 8-nji sentýabrda ir bilen saglyk ýagdaýynyň barlagyndan soň lukmanlar Onuň Alyhezretleriniň saglygy babatda ynjalyksyzlanma bildirdiler we oňa lukmançylyk gözegçiligi astynda galmagyny maslahat berdiler diýlip, bellenýär.

Uels şazadasy Çarlz we onuň aýaly Kornuollsk gersoginýasy Kamilla, şeýle-de Kembrij şazadasy Uilýam Şa zenanyň bolýan ýeri bolan Balmoral şoltand galasyna bardylar.

Häzirki pursatlarda dünýäniň habar beriş serişdeleri Ýelizaweta II saglygy baradaky täzelikleri yzarlaýarlar.

Mysal üçin, BBC News teleýaýlymy Patyşa köşgüniň öňki habarçysy Riçard Samneriň Şa zenanyň saglygy bilen bagly çynlakaý ýagdaýyň bolup geçýändigini aýdandygyny habar berdi.

Ýelizaweta II saglygy barada howsalaly habarlar bilen baglylykda, Bukingem köşgünde hormat garawulynyň çalşylmagynyň saklanandygy aýdylýar.

Belta.by belarus habarlar gullugy bolsa soňky täzeliklerinde häzirki wagtda Şa zenanyň saglygynyň ýaramazmaşmagy bilen baglylykda ynjalyksyzlanan adamlar köşgüň öňüne ýygnandylar diýip belleýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi