“Bundesliga” derbisiz galdy

Germaniýanyň çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, sanawyň lideri ýene-de üýtgedi. Öz meýdançasynda “Leipsigden” ilkinji gezek utulan “Bawariýa” 2-nji orna düşdi. 1-nji ýarymda Gnabriniň goly esasynda 1-0 öňe saýlanan “Bawariýa” bu üstünligini saklap bilmedi. 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Leipsigiň gollaryny Laýmer, Nkunku hem-de Saboslai geçirdi.

“Augsburgy” Haller hem-de Brandtyň gollary bilen 3-0 ýeňen “Borussiýa Dortmund” täzeden liderlige gaýdyp geldi. Şunlukda, “Bundesliganyň” 60-njy möwsüminde 10 ýyldan soň çempion üýtgemäge golaý dur. Soňky tapgyrda “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Maýnsy” ýeňen ýagdaýynda çempionlygyny yglan eder. “Bawariýanyň” çempion bolmagy üçin, münhenlileriň myhmançylykda Kölni ýeňip, “Borussiýanyň” hem utulmagy gerek.

“Bohum” bilen myhmançylykda 1-1 deňme-deň oýnan paýtgat Berliniň “Herta” topary 2-nji liga düşdi. 11 möwsümden soň “Herta Berliniň” aşaky liga düşmegi sebäpli, “Bundesliga” derbisiz galdy. “Bundesligadaky” ýeke-täk şäher derbisi Berlin derbisi bolup, ol azyndan geljek möwsümde oýnalmaz. Şeýle-de, “Darmştadt 98” kluby 5 ýyldan soň 4-nji gezek “Bundesliga” çykdy.

Ýene degişli makalalar

1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”
Lewandowskiniň rekordy ýeňşe ýetmedi
Tanymal tälimçileriň täze toparlary
PSŽ “Le Klassikoda” hem ýeňiş gazandy
MESSINIŇ NOBATDAKY HET-TRIGI
“La Liganyň” 89-njy