“Buz döwründäki” belka ahyrsoňy dub gozasyny iýdi

“Buz döwründäki” belka ahyrsoňy dub gozasyny iýdi

2021-nji ýylda Disney kompaniýasynyň pandemiýa zerarly ýapylan Blue Sky Studios şahamçasynyň suratkeşleri Skrat atly belka barada “ Buz döwri” (Ледниковый период) atly meşhur animasion filmler tapgyryny golaýda jemlediler. Onda galjaň jandar 20 ýyllap kowalap gelýän dub gozasyny iýýär.

Iň ahyrky bölüm The End diýlip atlandyrylýar we ol YouTubedäki Finale ýaýlymynda ýerleşdirildi. Wideonyň ýazgysynda onuň Blue Sky Studios studiýasynyň işgärleri tarapyndan hoşlaşyk sözi hökmünde ýerleşdirilendigi nygtalýar.

Blue Sky Studios studiýasy kowid ýokanjy sebäpli ýüze çykan maliýe kynçylyklary üçin ýapyldy. Bu multfilmleri öndüriji studiýa “Buz döwri”(Ледниковый период) serialy, şeýle-de “Rio” (Рио), “Titan: Zemin heläkçilige uçrandan soň” (Титан: После гибели Земли) we “Robotlar” (Роботы) animasiýalary bilen meşhurlyk gazandy. Skrat atly awysiýdik baradaky multfilmler bu studiýanyň iň soňky taslamasy boldy.

Bu barada MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
“Buzluk eýýamyndaky” belka ahyrsoňy dub gozasyny iýdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Titanik 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar
Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy