Çägeden nädip jaý gurmaly?

Çägeden nädip jaý gurmaly?

Dünýäde çölleşme hadysasyna gözegçilik edilýär — tokaýlaryň çapylmagy, öri meýdanlarda sürüleriň bakylmagy we gurluşyklar topragy çäge bilen tozanyň ekin bitmeýän garyşmasy bolmagyna getirýär. Birleşen Arap Emirlikleri çölleşme hadysasy bilen ozaldan tanyş — onuň ýerleriniň 75 göterimini çöller tutýar. Bilermenler bu tebigy resursy has netijeli peýdalanmak we öwrenmek üçin Dubaýa geldiler. Bu barada euronews.com giňişleýin maglumat berýär.

Çägeden kerpiçler Çäge eýýäm suwdan soň ulanylýan tebigy resurslaryň arasynda ikinji orunda durýar.Ony gündelik harytlar bolan aýnadan we kosmetiki serişdelerden başlap, ýokary tehnologiýaly Gün batareýalarynyň önümçiligine çenli täze görnüşe getirdiler. Ýöne çäge, esasan, gurluşykda has köp ulanylýar. 2019-njy ýylda dünýäde kremniniň we kwarsyň importy üçin 1 milliarda golaý ýewro harçlandy, Birleşen Arap Emirlikleri bolsa import edijileriň arasynda dördünji boldy.

Munuň özi çägäniň gurluşyk materialyna öwrülmegi üçin onuň dykyzlygynyň we digir-digirliginiň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr.Häzir bu ýerde mikroorganizmleriň fermentlerini ulanyp, çägäni gurluşyk bloklaryna öwürmek prosesi gözegçilikden geçirilýär.

Bu prosesi tizleşdirmek üçin ol kösükli ösümlikleriň hem-de tohumlaryň gözegçilik edip bolýan fermentlerini öwrenýär. Bu mikroblary ýa-da fermenti ulanmagyň artykmaçlygy nirede gurluşyk gidýän bolsa şol ýere eltip boljak materialyň möçberinde jemlenýär. Diýmek, siz özüňize amatly bolan çägäni ulanyp we ony mikroorganizmler bilen berkidip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

MHM, prokuratura işgärleri daýhan rysgalyna 'dawa salýar'
Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi
Müsüri çägeli harasat, çabga we tupan basdy
Türkmenistan süýşýän çägelere garşy göreşýär. Gaz ýatagynyň işgärleri gamyşdan böwet örýär
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Çäge heýkelleriniň sergisi