Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 86-njy çagalar bagynda Çagalaryň söýgüli ertekileri ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde halkymyz gadymy döwürlerden bäri öz perzentlerini ertekileriň, rowaýatlaryň, hekaýalaryň üsti bilen terbiýeläp gelýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň çagalary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň ulydygy barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar hakynda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
