Çagalygyň ajap çagy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Gökderedäki “Ýaşlyk” medeni-dynç alyş merkezinde “Çagalygyň ajap çagy” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi.

Mundan başga-da dynç alýan çagalar üçin çeper edebiýatlar, türkmen halk ertekileri hem ýerleşdirildi.Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Bagtyýar çagalar şular ýaly ajaýyp merkezlerde dynç almak üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň şatlygy köňülleriň buýsanjy
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
Çagalaryň hoş owazy durmuşymyzyň bagt sazy
Kitaplar täsinlikler dünýäsi
Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri
Kim köp erteki bilýär
Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi