Çamsan Parkelam Türkmenistanda alyjylara innowasion pol örtüklerini hödürleýär

Çamsan Parkelam Türkmenistanda alyjylara innowasion pol örtüklerini hödürleýär

Türkiýäniň Çamsan Parkelam kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili müşderilere innowasion pol örtüklerini dürli reňkli parkelam materialyny hödürleýär

Parkelam parket bilen laminatyň aralygyndaky materialdyr. Ol hiç hili sintetiki goşundylar ulanylmazdan hakyky berk agaç gyryndylaryndan ýasalýar, şonuň üçin hem ekologiýa taýdan arassa we howpsuz önüm hasaplanýar.

Parkelamyň tapawutly taraplary babatda çyzylmalara we ýokary çyglylyga garşy durnuklydygyny bellemek gerek. Ol ýyly pol ýyladyş ulgamy bilen hem örän gowy sazlaşýar ýokary temperaturalary ýeňil geçirýär we beýleki pol örtükleriniň düzüminde bolup biläýjek zyýanly maddalaryň bugarmagy ýaly netijelere getirmeýär.

Önümiň ýokary ekologik derejesi, şeýle hem saglyk üçin howpsuzlygy boýunça FSC hem-de daşky gurşawy goramak boýunça EPLF sertifikatlarynyň bolmagy onuň ýokary halkara ülňülerine gabat gelýändigini tassyklaýar,

Parkelamy gurnamak örän aňsatdyr, şeýle-de Çamsan Parkelam söwda dükanynda alyjylara bu pol örtüklerini dogry we tiz çalyşmagyň usullary barada maslahat bererler.

1-nji noýabra çenli müşderiler Çamsan Parkelamyň önümlerini 3-den 5%-e çenli arzan bahadan satyn alyp bilerler.

50 inedördül metr haryt satyn alan ýagdaýynda, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, müşderilere parkelamyň aşagyna ýazmak üçin 0,3 mm galyňlykdaky kapron örtgüsi sowgat berilýär.

Çamsan Parkelam söwda nokady Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň ugrunda, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkeziniň arka tarapyndaky 4 gatly Awtoduralganyň ýerzemin gatynda, 60-njy dükanda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 64) 58 19 19; (+993 65) 72 41 91.

E-mail: kurban.1970@mail.ru.

Ýene degişli makalalar

NASA-nyň Parker atly gözegçilik ulagy güneşe 930 gradus ýylylykda ýakynlaşyp, taryhy rekord goýdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…
“Harry Potter” filmleriniň professory Dambldor aradan çykdy
Aziýa oýunlary: Maýsa Pardaýewa Türkmenistana ilkinji medaly getirdi
Jeki Çanyň gatnaşan Karate-oglan filminiň dowamy surata düşüriler