“Harry Potter” filmleriniň professory Dambldor aradan çykdy

Dünýä belli “Harry Potter” filmleriniň özboluşly, parasatly professory Albus Dambldoryň keşbi bilen adygan aktýor Maýkl Gambon 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1940-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Irlandiýanyň paýtagty Dublinde dünýä inen Maýkl Gambon 1962-nji ýylda başlan sungat ýolunda onlarça spektakllarda, onlarça filmdir seriallarda dürli keşpleri janlandyrdy.

Ol J.K.Rowlingiň “Harry Potter” kitaplary esasynda ekranlaşdyrylan 8 filmiň soňky 6-synda Albus Dambldoryň keşbinde surata düşdi (Ilkinji 2 filmde Riçard Harris janlandyrypdy, ol 2002-nji ýylda aradan çykdy).

2001-nji ýylda Ser nyşany berlen aktýor “Othella”, “The Insider”, “Gosford Park” “Amazing Grace”, “Quartet”, “Victoria & Abdul”, “King of Thieves” ýaly kinolarda dürli keşpleri ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Garri Potter baradaky filmiň prokata çykan güni baýram ediler
Garri Potere bagyşlanan dünýäde iň uly ýygyndy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Garri Potteriň ýörite bölüminiň tizeri çykdy
Joan Rouling “Garri Potter” franşizasyndan 165 million galleondan gowrak girdeji gazandy
Garri Potter we pelsepe daşy kitabynyň ýalňyşly ilkinji neşiri auksiona çykaryldy
Rekord bahadan satyldy