Canalys: Samsung iň köp satylýan smartfon markasy boldy

Canalys: Samsung iň köp satylýan smartfon markasy boldy

Canalys kompaniýasynyň analitikleri birinji çärýegiň jemi boýunça Ýewropanyň smartfon bazaryna baha berdiler. Netijede, bazaryň 10% pese gaçyşy hasaba alyndy.

Umuman, hasabat döwründe Ýewropada bir ýyl ozalky 46,4 mln bilen deňeşdirilende, 41,7 mln smartfon satyldy.Bazaryň lideri 9% pese gaçyp, bazaryň hem 35%-ini eýeläp, 14,6 mln smartfon satan Samsung bolup galýar.

Apple kompaniýasy 8,9 mln smartfon satyp, ikinji orna gaýdyp geldi.Apple-e 10% pese gaçan bazarda örän gowy netije bolan satuwyň 1% ýokarlanmagy netijesinde ikinji orny gaýtaryp almak başartdy, emma üçünji orna düşen Xiaomi-niň satuwy bolsa 22% pese gaçdy.

Şeýle-de, ilkinji bäşlige Realme bilen Oppo girdi. Bularyň birinjisi satuwy 177% ýokarlandyrdy. Dogrusy, ol Xiaomi-niň 8,2 mln smartfony bilen deňeşdirilende, 2,1 mln smartfon satdy, şol sebäpli kompaniýanyň üçünji orna ýetmegi üçin heniz köp wagt gerek.

Umuman alanyňda, Samsung, Apple we Xiaomi kompaniýalary bilelikde bazaryň 76%-ini eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Nokianyň janköýeri Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Apple satuwlar boýunça ilkinji gezek Samsungdan öňe geçdi
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi