Çeburaşka rus prokatynyň taryhynda iň köp toplan film boldy

Çeburaşka rus prokatynyň taryhynda iň köp toplan film boldy

Russiýaly režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň Çeburaşka atly täze maşgala komediýasy ýerli kinoprokatyň bütin taryhynda iň köp kassa ýygymyny toplan film boldy. Ol bu ugurda Klim Şipenkonyň Hyzmatkär (Holop) atly filminden hem ozdurdy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan News.ru ýazýar.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykan Çeburaşka häzirki güne çenli 3 milliard rubldan gowrak kassa ýygymyny toplady. Hyzmatkär filminiň kassada gazanan girdejisi bolsa 3 milliard 82 milliondan gowrak boldy.

Çeburaşka bu görkezijä ýetmek üçin prokata çykan ilkinji on güni ýeterlik boldy.

Ýeri gelende aýtsak, täze maşgala filmi ilkinji görkezilen güni 226,4 million rubl gazandy. Üçünji hepdede onuň kassa ýygymy 1,5 mlrd rubldan geçdi diýlip, habarda aýdylýar.

Deňiz ýakadaky şäherleriň birinde Çeburaşkanyň täze başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän filmde baş keşpleri görnükli rus aktýorlary Sergeý Garmaş, Ýelena Ýakowlewa, Polina Maksimowa, Fýodor Dobronrawow we beýlekiler ýerine ýetirdiler.

Baş keşbe aktrisa Olga Kuzmina ses berdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Tarapyna Geçen Rus Uçarmany Öldürildi
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
10.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
GDA ýurtlarynyň alymlary we oba hojalyk bilermenleri Türkmenistanyň gallaçylyk pudagynda gazananlaryny bellediler
TÜRKMENISTAN — AK BUGDAÝYŇ WATANY