Ukrainanyň Tarapyna Geçen Rus Uçarmany Öldürildi

Ukrainanyň Tarapyna Geçen Rus Uçarmany Öldürildi

2 ýyldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşinde awgust aýynda Ukraina gaçan rus harby uçarmany Maksim Kuzminowuň 13-nji fewralda İspaniýanyň Alisant şäherinde ýaragly hüjüm netijesinde öldürilendigi habar berildi.

İspaniýanyň resmi harbarlar gullugy “EFE”, žandarma esaslandyrýan habarynda, 13-nji fewralda ýurduň günortasyndaky Alisantdaky öýüniň duralgasynyň öňünde ýaragly hüjüme sezewar bolan we şol ýerde ölen adamyň rus uçarmany Maksim Kuzminowdygynyň anyklanandygyny mälim etdi.

Habarda, şaýatlaryň Kuzminowy birnäçe gezek atan jenaýatçylaryň soň ulag bilen jesediň üstünden geçip, gaçandyklaryny aýdandygy beýan edilýär.

Derňew işini alyp barýan žandarm, jesetde 33 ýaşly ukrain raýatyna degişli resminamanyň bardygy, geçirilen barlagda bolsa öldürilen adamyň rus uçarmany Kuzminowdygynyň anyklanandygy habar berildi.

Ukrainanyň “Kýiw Post” gazeti bolsa Ukrainanyň harby howpsuzlyk merkezine esaslandyrýan habarynda Kuzminowuň öldürilendigini ýazdy.

Habarda şol bir çeşmä esaslanylyp, Kuzminowuň Ukrainada däl, eýsem Ispaniýada ýaşamagy saýlap alandygy mälim edildi.

Ukraina bilen söweşiň başlamagyndan öň harby goşunyň hataryndan çykmak isländigi we soň urşa gitmek islemändigini beýan edilen rus uçarmany Kuzminow, 9-njy awgustda erk edýän Mi-8 kysymly dik uçar bilen Ukrainanyň gündogaryndaky harby baza gonupdy.

Ýene degişli makalalar

Çeburaşka rus prokatynyň taryhynda iň köp toplan film boldy
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
10.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
GDA ýurtlarynyň alymlary we oba hojalyk bilermenleri Türkmenistanyň gallaçylyk pudagynda gazananlaryny bellediler
TÜRKMENISTAN — AK BUGDAÝYŇ WATANY