Çelsi Enso Fernandesi düzümine goşdy

Çelsi Enso Fernandesi düzümine goşdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Portugaliýanyň Benfika klubynyň ýarymgoragçysy Enso Fernandes iňlisleriň Çelsi klubynyň düzümine goşuldy. London kluby bu transfer üçin 121 million ýewro sarp etdi. Şeýlelikde, Fernandes APL-daky iň gymmat transfer edilen oýunça öwrüldi. Mundan ozalky transfer rekordy 113 million ýewro Aston Willadan Mançester Siti klubyna transfer bolan Jek Grilişe degişlidi.

Ýeri gelende bellesek, Fernandes 2022-nji ýylyň tomsunda Argentinanyň Riwer Pleýt klubyndan Portugaliýanyň Benfikasynyň düzümine goşulypdy. Oýunçynyň şol wagtky transferi 14 million ýewro amala aşyrylypdy.

22 ýaşly argentinaly oýunçy Portugaliýanyň çempionatynyň şu möwsüminde Benfikanyň düzüminde 17 oýunda meýdança çykyp, bir gol urdy we bäş golly pas berdi.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Enso Fernandes Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilen DÇ-2022-niň altyn medalyna hem-de iň gowy ýaş oýunça berilýän ýörite baýraga mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler
Şu gün ÝÇL-iň 1/8 finaly badalga alar (seljerme)
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Çelsi ýene-de ýeňildi
Stiwen Jerrard Al-Ittifakyň baş täimçisi boldy
APL birinji tapgyr: Liwerpul utuk ýitirdi