Şu gün ÝÇL-iň 1/8 finaly badalga alar (seljerme)

Şu gün ÝÇL-iň 1/8 finaly badalga alar (seljerme)

Şu gün — 14-nji fewralda Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyry badalga alar.Içerki çempionatlarda geçirilen birnäçe tapgyrlar ýaryşda gatnaşýan toparlaryň häzirki ýagdaýyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Diýmek, ÝÇL-iň çempionlygy barada hem käbir çaklamalary öňe sürmek mümkin. ÝÇL-iň bu ýylky çempionlygyna dalaş edýän toparlaryň arasynda ýaryşyň häzirki çempiony Real, jübüsi galyň hasaplanýan toparlar bolan PSŽ we Mançester Siti, bäsleşigiň baş baýragyna ebedi dalaş edýän Bawariýa, Italiýada hemmesini eýýäm birýüzli etmäge golaýlan Napoli ýaly klublar bar.

Turkmenportal öz okyjylary üçin çempionlyga esasy dalaşgärleriň mümkinçilikleri barada gysgaça seljerme taýýarlady.

Bawariýa (Germaniýa)

Toparçada 1-nji orun.

1/8 final tapgyryndaky garşydaş: PSŽ.

Mýunhen kluby ÝÇL-iň çempionlygy üçin hemişelik dalaşgärleriň hataryna girýär.Bu hakykat üstümizdäki möwsümde hem üýtgewsüzligine galdy. Ýulian Nagelsmandan tälim alýan topar geçen tomusda esasy oýunçysy Robert Lewandowski bilen hoşlaşdy, ýöne muňa garamazdan, toparçadaky oýunlary (6 oýun, 6 ýeňiş, toplaryň tapawudy +16) üstünlikli jemlemegi başardy.

Mundan başga-da Bawariýa toparçada Lewandowskiniň täze topary Barselonany ýaryşdan çykaryp, Inter bilen bilelikde indiki tapgyra ýollanma aldy. Ýagny, Bawariýa eýýäm toparçada çempionlyk üçin esasy garşydaşlarynyň birini hatardan çykardy.

Bawariýa häzirki wagtda Bundesligada hem ynamly ýagdaýda 1-nji orny özünde saklaýar.Gyşky arakesmeden soňra hasaba alnan bassyr 3 deňlik Union Berliniň 3 utuga çenli golaýlamagyna getiren hem bolsa, bu möwsümde Germaniýada Bawariýadan başga bir toparyň çempion boljakdygyna ynanmak çetin.

Toparyň baş tälimçisi Nagelsman hem PSŽ bilen oýundan öň žurnalistler bilen bolan duşuşykda Bundesligadan göwnüniň hatyrjemdigini ýaňzydyp, şeýle diýdi: Häzirki wagtda žurnalistler Bundesligadaky çempionlygymyzy çynlakaý kabul etmeýärler. Şonuň üçin hem, ÝÇL-de ýeňiş gazanmagymyz gerek.

Bawariýa 1/8 finalda ýaryşyň çempionlygyna dalaş edýän garşydaşlarynyň ýene birinden gutulyp biler.Munuň üçin olara iki oýnuň netijesine görä, PSŽ-den üstün çykmak gerek.Fransuz klubyndaky şikesler bilen bagly kynçylyklar, Neýmaryň eşik çalşylýan otagdaky negatiw täsiri baradaky habarlar bu gapma-garşylykda nemes toparynyň ýeňiji bolmak ähtimallygyny artdyrýar. Ýeri gelende bellesek, Bawariýa — PSŽ oýny ÝÇL-iň klassykasyna öwrülip barýar.

Toparlar 2020-nji ýylda ýaryşyň finalynda, 2021-nji ýylda bolsa çärýek finalynda ýüzbe-ýüz bolupdylar.Bu gezekki haklaşyk ýene bir ädim bärik süýşdi: bu möwsümde olaryň haýsy hem bolsa biri çärýek finalyň ýüzüni görüp bilmez.

Napoli (Italiýa)

Toparçada 1-nji orun.

1/8 final tapgyryndaky garşydaş: Aýntraht.

Napoli bu möwsümde Ýewropanyň şemaly iň belentden öwüsýän toparlarynyň biri. Luçano Spalettiniň şägirtleri toparçada goşmaça görkezijileriň hasabyna Liwerpuly yzda galdyryp, 1-nji orny eýeledi. Napoliniň toparçadaky statistikasy, hakykatdan hem, ajaýyp: 5 ýeňiş, 1 ýeňliş, 15 utuk, toplaryň aratapawudy +14.

A seriýada Napoli has hem ajaýyp möwsümi başdan geçirýär. Hwiça Kwarasheliýanyň we Wiktor Osimheniň daşynda jebisleşen topar häzirki wagtda 2-nji ýerdäki Interden 16 utuk ozduryp, 1-nji ýeri özünde saklaýar. Şunlukda, Napoliniň şu möwsümde Italiýada çempion bolmajakdygyna Interiň iň optimist janköýerini hem ynandyrmak çetin. Diýmek, neapollylarda ÝÇL üçin çynlakaý güýç sarp etmäge mümkinçilik bar.

Napoliniň 1/8 finaldaky garşydaşy, bijede tüýs diläp alynýan topar diýlenlerden.Has takygy, ÝÇL-de özüniň debýut möwsümini geçirýän, ýaryşda pleý-off tapgyrynyň tagamyny ilkinji gezek duýýan Aýntraht.

Birinji oýnuň Germaniýada, jogap duşuşygynyň bolsa Italiýada geçirilmegi hem Napolini indiki tapgyra çykmaga has ýakyn tarap hökmünde görkezýär.Eger-de, Napoli Aýntrahtyň garşylygyny ýeňip geçse we çärýek finala çenli skudettony özüne kepillendirse, aşa ruhlanyp, ÝÇL-de hem uly sensasiýa sebäp bolup biler.

Mançester Siti (Angliýa)

Toparçada 1-nji orun.

1/8 final tapgyryndaky garşydaş: Leýpsig.

Mançester Siti henize çenli ÝÇL-iň hargulak kubogynyň gulagyny dişläp görmedik-de bolsa, soňky ýyllarda bäsleşigiň baş dalaşgärleriniň hataryndan yzygiderli orun alýar. Güýzde Gwardioladan tälim alýan klub Sewilýany, Borussiýany (Dortmund) we Kopengageni öz içine alýan toparçanyň içinden parran geçdi. Muňa statistika hem şaýatlyk edýär: 6 ýeňiş, 18 utuk, toplaryň aratapawudy +12.

Içerki çempionatda Mançester Sitiniň ýagdaýy başdaky 2 dalaşgäre garanyňda has müşgil halda.Täze ýyldan soňra sezewar bolnan 2 ýeňliş Gwardiolanyň toparyny çempionlyga bolan umytdan tas el üzdüripdi, emma Arsenalyň soňky 2 oýny olara ýene-de göreşmäge esas boldy.

Häzirki wagtda Mançester Siti 1 oýun köp geçirip, Arsenaldan 3 utuk yzda barýar. Özara 2 oýnuň bardygyny göz öňünde tutsaň, heniz çempionlyga doly umyt bar.Emma şol umyt ÝÇL-de topary büdredip biler. Çünki ÝÇL we APL ýaly aldym-berdimli 2 frontda des-deň göreşmek hatda Siti bolsaň hem eýgermesi gaty müşgil wezipe.

1/8 finalda Mançester Siti Leýpsig bilen ýüzbe-ýüz bolar.Iňlis klubynyň edil Leýspigden asgyn gelip, ýaryşdan çykjakdygyna ynanýan az-azdyr.Bu jübütde Mançester Siti doly rüstem tarap hökmünde göze ilýär.

Emma Leýpsig böwedi aşylanyndan soňra, Mançester Sitiniň öňünden hakyky läheňler çykyp başlar.Häzirkizaman futbolynyň iň ökde tälimçileriniň biri Gwardioladan tälim alýandygyny göz öňünde tutsak, Siti şu ýyl ÝÇL baradaky arzuwynyň wysalyna gowşup biler. Ýogsa-da, olar Hollandy hut şu maksat bilen Ettihada getirdiler ahyry...

Real (Ispaniýa)

Toparçada 1-nji orun.

1/8 final tapgyryndaky garşydaş: Liwerpul.

ÝÇL-iň häzirki çempiony Real geçen finaldaky garşydaşyndan tapawutlylykda, bu ýyl hem baş baýrak üçin dalaşgärleriň hatarynda. Hargulak kubogyň iň gadyrdan dosty hasaplanýan Real toparçalaýyn tapgyrda aňsatlyk bilen indiki tapgyra ýollanma aldy. Leýpsig, Şahtýor we Seltik bilen bir kwartetden orun alan ispan topary 6 oýunda 13 utuk toplady, 1 gezek ýeňildi we 1 gezek deň oýnady, toplaryň aratapawudy +9.

Ispaniýanyň çempionatynda Realyň işleri o diýen ugruna däl.Soňky 5 tapgyrda korollyk gwardiýasy 2 gezek ýeňlip, 1 gezek deň oýnady.Netijede, Barselona häzirki wagtda 11 utuk tapawut bilen, 1-nji ýerde barýar. Ýöne Real ÝÇL-iň 1/8 finalyndan ozal Marokkoda Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy we bu üstünligiň toparyň ruhuny göterendigi ikuçsuz. Öňde bolsa geçen ýylky finalyň gaýtalamasy, ýagny Liwerpul bilen oýun bar.

Liwerpulyň şowsuzlyklaryň girdabyndadygy, deslapky oýnuň Angliýada, jogap duşuşygynyň bolsa Ispaiýada geçiriljekdigi bu gapma-garşylykda indiki tapgyra çykmak üçin Realyň mümkinçilikleriniň az-kem ýokarydygyna şaýatlyk edýär.Göreliň, Karlo Ançelottiniň şägirtleri Liwerpuly ýaryşdan çykaryp, geçen ýylky üstünliklerini ýene gaýtalap bilermikäler.

PSŽ (Fransiýa)

Toparçada 2-nji orun.

1/8 final tapgyryndaky garşydaş: Bawariýa.

ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyrlarynyň taryhyndaky iň gyzykly wakalaryň biri geçen güýzde PSŽ bilen baglylykda ýüze çykdy.Has takygy, fransuz topary 6 oýunda 6 ýeňiş we 2 deňlik arkaly 14 utuk toplady, toplaryň aratapawudy +9-a deň boldy, emma şol hem 1-nji ýer üçin azlyk etdi.

Sebäbi ähli görkezijiler boýunça PSŽ bilen birmeňzeş netije görkezen Benfika myhmançylykdaky gollarynyň köpdüginiň hasabyna toparçany lider hökmünde tamamlady.Elden giderlen 1-nji ýeriň PSŽ üçin gymmat düşendigini bolsa, toparyň 1/8 finaldaky garşydaşynyň adyndan hem düşnükli.

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ öz bolmaly ýerinde, ýagny 1-nji orunda. Dogry, topar şikesler bilen baglylykda içerki çempionatyň soňky oýularynda köpräk utuk ýitirdi, ýöne barybir olaryň Fransiýanyň çempionlygyny elden gidermejekdikleri edil aýnada görlen ýaly aýdyň.

PSŽ hem Mançester Siti ýaly birnäçe ýyllardan bäri düýşünde hargulak kubogy görýän, onuň bir ädim bärsine baryp, binesip halda yza dolanan topar.PSŽ-niň ÝÇL-iň çempionlygyndan binesip galmagyna sebäp bolan topar hem bu ýyl 1/8 finalda garşylaşylmaly Bawariýa. Şeýlelikde, bu gün PSŽ hem arzuw, hem ar üçin meýdança çykar.

Düzüminde Messisi, Mbappesi, Neýmary bolan topar beýle gapma-garşylyklaryň ykbalyny hökman öz peýdasyna çözäýmeli.Toparyň Bawariýadan üstün çykmagy bolsa, çempionlyk ugrundaky möhüm ädimleriň biri bolup biler.

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýunlary (*sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen)

15-nji fewral

16-njy fewral

22-nji fewral

23-nji fewral

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
APL-niň geçen möwsüminiň iň şowsuz transferleri yglan edildi
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi