“Çelsiniň” täze tälimçisi G. Potter

Çempionlar Ligasynda “Dinamo Zagrebden” 1-0 asgyn gelen “Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel düýn wezipesinden boşadylypdy.Klubuň ýolbaşçylary 20 aý işlän germaniýaly Tuheliň ornuna täze tälimçini bolsa şu gün wezipä bellediler. “Braýton” toparynyň tälimçisi Grem Potter londonlylar bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi.

Potteriň täze wezipesi bilen baglanyşykly “Şeýle ajaýyp klubuň tälimçisi bolmak meni begendirýär hem-de tolgundyrýar” diýip, ilkinji sözlerini beýan etdi. 47 ýaşyndaky hünärmen 2019-njy ýyldan bäri “Braýton” tälim berip gelýärdi. “Çelsi” topary Potteriň şernamasyny ýatyrmak üçin öweztöleg hökmünde “Braýton” klubuna 16 million funt sterling tölär. 2011-18-nji ýyllar aralygynda Şwesiýanyň “Estersund” toparyna tälim beren Potter 2018-19-njy ýyllarda “Swansi” toparynyň tälimçisi boldy.

Potter futbolçylyk karýerasynda “Birmingem”, “Stok Siti”, “West Bromwiç”, “Ýork Siti”, “Makklesfild Town” ýaly klublarda oýnady.

Potteriň tälimçiliginde “Braýton” topary “Premier Ligada” 6 tapgyrdan soň 13 utuk bilen 4-nji ýerde barýar. “Çelsi” bolsa 6-njy orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Garri Potter baradaky filmiň prokata çykan güni baýram ediler
Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar
Grem Potter Çelsiniň baş tälimçisi boldy
Çelsi we Tuhel barada...
26-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Harry Potter” filmleriniň uzyn boýly Hagridi aradan çykdy