Grem Potter Çelsiniň baş tälimçisi boldy

Grem Potter Çelsiniň baş tälimçisi boldy

Çelsi futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine angliýaly hünärmen Grem Potter bellenildi. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi. Braýton klubunyň öňki tälimçisi Çelsi bilen bäş ýyllyk şertnama baglanyşdy.

Bu wezipede ol nemes hünärmeni Tomas Tuheli çalyşdy. Çelsi Tuheli 7-nji sentýabrda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Zagrebiň Dinamosyndan utulandan (0:1) soň wezipesinden boşatdy. Potter 47 ýaşynda, ol Braýtonda 2019-njy ýylyň maýyndan bäri işleýär. Onuň ýolbaşçylygynda klub Angliýanyň Premýer-ligasynyň alty tapgyryndan soň, 13 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

“Çelsiniň” täze tälimçisi G. Potter
Çelsi we Tuhel barada...
“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy
Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar
Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy
Çelsi Potteri işden boşatdy