Çempionlar Ligasynda möwsümiň oýunçysy hem-de simwolik ýygyndysy mälim edildi

UEFA Çempionlar Ligasynda möwsümiň futbolçysy diýip, 14-nji kubogyny asmana göteren Real Madridiň fransuz futbolçysy Karim Benzema saýlandy. 12 oýunda 15 gol geçiren ýyldyz hüjümçi esasan hem toparyň finala çenli geçiren utulan-çykdy duşuşyklarynda toparynyň ýeňişlerine uly goşant goşdy.

Toparyň başga bir oýunçysy, finaldaky ýeke-täk goluň awtory, braziliýaly Winisius Junior bolsa möwsümiň iň ýaş futbolçysy baýragyna laýyk görüldi.

UEFA tarapyndan saýlanan möwsümiň simwolik ýygyndysyna-da çempion Real Madridden hem-de finalçy Liwerpulda 4 futbolçy alyndy.

Çempionlar Ligasynda möwsümiň simwolik ýygyndysy

DERWEZEÇI: Tibo Kurtua (Real Madrid)

GORAGÇYLAR: Trent-Aleksander Arnold, Wirgil Wan Daýk, Andrýuw Robertson (üçüsem Liwerpul), Antonio Rudiger (Çelsi)

ÝARYMGORAGÇYLAR: Luka Modriç (Real Madrid), Fabinio (Liwerpul), Kewin de Bruýne (Mançester Siti)

HÜJÜMÇILER: Winisius Junior, Karim Benzema (ikisem Real Madrid), Kilian Mbappe (PSŽ)

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda, Aziýada geçirilýän çempionat aziýalylarsyz dowam eder
“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi