“Central Asia Gateway” sebiti halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýar

“Central Asia Gateway” sebiti halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýar

Merkezi Aziýada maýa goýumlary çekmek, söwdany ösdürmek we sebitdäki işewürligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm gural boljak “Central Asia Gateway” portaly hereket başlady.

"Economist" maliýe neşiriniň habar bermegine görä, portal bäş sany ýurtda, ýagny Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda öz işine başlady.

“Central Asia Gateway” bir bitewi platforma bolup, gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek, rus we iňlis dillerinde ähli milli portallaryň söwdany ýeňilleşdirmek boýunça maglumatlaryny bir ýerde jemleýär.

Şeýle hem, “Central Asia Gateway” sebiti halkara bazarlaryna birikdirmäge ýardam bermek üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ähli portallaryň mümkinçiligini ulanýar.

Platforma iň köp satylýan önümleriň 277-den gowragyny öz içine alyp, ol eýýäm 160 müňden gowrak ulanyja hyzmat etdi.

“Central Asia Gateway” portaly sebitde ykrar edilip, ol eýýäm ulanyjylaryň arasynda gyzyklanma döretdi. Bu platformanyň kämilleşdirilmegi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileri we maýadarlary üçin hyzmatlaryň we maglumatlaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyna garaşylýar.

Bu platforma Halkara söwda merkezi tarapyndan amala aşyrylýan we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän "Ready4Trade Central Asia" taslamasynyň ýardam bermegi bilen, şeýle hem Halkara söwda merkezi we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy (UNCTAD) tarapyndan durmuşa geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler