Çiliç Sankt-Peterburgdaky ATP ýaryşynda ikinji gezek çempion boldy

Çiliç Sankt-Peterburgdaky ATP ýaryşynda ikinji gezek çempion boldy

Horwatiýaly tennisçi Marin Çiliç Sankt-Peterburgda geçirilen baýrak gaznasy 860 müň dollardan geçýän tennis ýaryşynyň finalynda amerikaly Teýlor Fritsden üstün çykdy.

Duşuşyk 7:6 (7:3), 4:6, 6:4 hasabynda Çiliçiň peýdasyna tamamlandy.Oýun 2 sagat 23 minut dowam etdi. Çiliç häzir 33 ýaşynda bolup, ol Professional tennisçileriň birleşiginiň (ATP) reýtinginde 35-nji ýerde durýar.

Bu ýeňiş onuň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň howandarlygyndaky ýaryşlarda karýerasyndaky 20-nji ýeňşi boldy. Şolaryň hatarynda ol iki gezek Moskwanyň Kreml kubogyny hem aldy.Sankt-Peterburgda geçirilen ýaryşda Çiliç öň 2011-nji ýylda-da ýeňiji bolupdy. Şeýle hem ol 2021-nji ýylda Ştutgartda geçirilen ýaryşda-da ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi
Baýer öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy
Dünýäniň iň gymmat brendleri
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler