"Coca-cola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş wekili tarpa-taýyn ýogaldy

"Coca-cola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş wekili tarpa-taýyn ýogaldy

Koka-kola kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy aradan çykdy.

Göktüg Gözütogyň hatyrasyna "Coca-cola içejek" şirketiniň adyndan ýazylan nekrolog Türkiýäniň "Hurriýet" gazetinde peýda boldy. Gözütogyň haçan aradan çykandygy we onuň ýogalmagynyň sebäpleri maglumatda görkezilmändir.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleri Gözütogyň Aşgabadyň "Oguzkent" myhmanhanasyna degişli binada ýogalandygyny aýdyp, onuň öz janyna kest edendigini, häzirki wagtda ýagdaýyň derňelýändigini mälim etdiler.

Türkiýeli işewüriň "Oguzkentde" ýogalandygyny myhmanhananyň özünde-de tassykladylar.

Käbir maglumatlara görä, onuň "Coca-cola içejek" şirketiniň Türkmenistandaky işine degişli käbir maddy problemalary ýüze çykypdyr.

Ýene degişli makalalar

 Alkogolsyz içgileriň bahasy gymmatlady
“Coca-Cola Turkmenistan” önüm öndürmegini bes etdi we ýapylmagyň öň ýanynda dur
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn
“Coca-cola” kompaniýasynyň Türkmenistandaky başlygy aradan çykdy
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryna Özbegistana haryt geçirmegi gadagan etdiler
Täze Zelandiýanyň ganatly ýaşaýjylary