“Coca-Cola Turkmenistan” önüm öndürmegini bes etdi we ýapylmagyň öň ýanynda dur

cci.com.tr-yň fotosuraty

“Coca-Cola Turkmenistan” kärhanasy ýapylmagyň öň ýanynda dur we eýýäm önüm öndürmegini bes etdi. Kompaniýanyň zawody Aşgabatda ýerleşýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” synçylary kompaniýanyň ýapylmagynyň sebäbini walýuta konwertasiýasynyň çylşyrymlylygy, ýurda içgileri taýýarlamakda ulanylýan önümleri getirmekdäki problemalar, häkimiýetler tarapyndan goldanylaýn ýerli biznes-kompaniýalaryň basyşlary bilen baglaýarlar.

Häzir ýurduň bazarlarda Türkmenistanda öndürilen içgileriň diňe galan-gýaçanlaryny satyn alyp bolýar. Önümçiligiň bes edilendigi sebäpli 1 litrlik gapdaky “Koka-Kolanyň” bahasy 4-5-den 8-9 manada çenli gymmatlady.

Bu kärhananyň öňräkden bäri öndürýän “Koka-kola”, “Fanta”, “Bonawka” içgileri halk arasynda meşhur boldy we kärhana uly girdeji getirýärdi. 2012-nji ýylda kärhana täze enjamlary işe girizdi we bu önümçiligiň möçberiniň ýylda 88 million çüýşä çenli köpeldilmegine ýardam etdi.

Ýatladýarys, “Coca-Cola Turkmenistan” ýurtda 1998-nji ýyldan bäri işleýär. Şeýle-de bu kompaniýa Aziadanyň resmi hemaýatkärleriniň biri boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 2018-nji ýylda azyklaryň we harytlaryň bahalarynyň üýtgeýiş depgini
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn
Täze Zelandiýanyň ganatly ýaşaýjylary
 Alkogolsyz içgileriň bahasy gymmatlady
Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryna Özbegistana haryt geçirmegi gadagan etdiler
"Coca-cola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş wekili tarpa-taýyn ýogaldy